ÖKDE rec

Wideo – haryt nyşanlaryňyzy tanatmak üçin güýçli guraldyr. Biz ÖKDE-de ony nädip döretmelidigini bilýäris. Haryt nyşanlary janlandyrýan wideo mazmuny döredýäris. Biziň wideo şekillerimiz ünsi özüne çekýär we her bir müşderiniň ösmegine kömek edýär.

Wideo we animasiýa hünärmenlerine indi gözlemeli däl. Toparymyzda ajaýyp mahabat we wideo şekillerini döredýän ussatlar işleýär. Gowy önüm öndürmek diňe tejribeli operatorlaryň we gurnamaçylaryň elinde bolan hünär enjamlarynyň kömegi bilen mümkindir. Müşderilerimiziň telewizorda we internetde ýaýlyma berýän gymmat bolmadyk prezentasiýa, mahabat, imik wideo şekillerini döredýäris.

Biziň bilen startaplar we iri kompaniýalar öz pikirlerini wideo şekil arkaly ýönekeý we aýdyň ýetirip biler.

 

Saýtlar we internet-dükanlar üçin fotokontenti döretmek

Biz saýtlar we internet-dükanlar üçin fotokontenti döretmek hyzmatlaryny hödürleýäris. Hemişe zerurlyklary göz öňünde tutmak bilen hili we müşderi hakynda aladany üpjün edýäris.

 

Hususy önümçilikli fotokontent şu aşakdaky meseleleri çözýär:

  • Özüňi we täjirçilik işiňi görkezmek;
  • Özüňi, täjirçilik işiňi, önümiňi ýa-da hyzmatyňy has aýdyň we ownuk bölekleri bilen görkezmäge mümkinçilik.

Firma reňklerini, hususy bellikleri we haryt nyşanly elementleri ulanmak bilen ulanyjylaryň ünsüni yzygiderli özüne çekmek – maksatly diňleýjileriňizi çekmek Size has aňsat bolar.

Biz bilen bir taslama başlamak isleýärsiňizmi?