Saýty ulanmagyň şertleri

«ÖKDEgroup» saýty ulanmagyň şu şertleri (mundan beýläk – “Şertler”) “ÖKDE Dilmaç” HK (mundan beýläk – «ÖKDEgroup») Internet torunyň ulanyjylaryna (mundan beýläk – Ulanyjy) aşakda beýan edilen Şertlerde www.okdegroup.com salgy boýunça elýeter bolan «ÖKDEgroup» hyzmatyny (mundan beýläk – “Hyzmat”) ulanmak teklibi bolup durýar.

Ulanyjy ähli Kadalaşdyryjy resminamalar bilen tanyşmaga borçlanýar we munuň ýaly tanyşmazlyk üçin jogapkärçiligi özbaşdak çekýär.

Hyzmatdan / onuň aýratyn funksiýalaryndan peýdalanyp başlamak bilen, Ulanyjy şu Şertleri, şeýle hem Kadalaşdyryjy resminamalaryň şertlerini hiç hili ýalňyşsyz we kadadan çykmasyz doly göwrümde kabul eden hasaplanylýar. Ulanyjy Şertleriň ýa-da Kadalaşdyryjy resminamalaryň islendik düzgüni bilen razy bolmadyk ýagdaýynda, Ulanyjy Hyzmaty ulanmaga hukukly däl.

Ulanyjy ol tarapyndan ýerleşdirilen maglumat üçin doly jogapkärçiligi çekýär. Dolandyryjylar neşir edilýän nusgalaryň mazmuny, şeýle hem ulanyjylaryň hereketleri üçin jogapkärçiligi çekmeýär we bu saýtyň kömegi bilen öz arasynda kesgitli satyn almak-satmak geleşigini baglaşan ýa-da baglaşyp bilýän taraplaryň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaýar. Dolandyryjylar islendik ulanyja saýta bolan elýeterliligi ýapmak, şeýle hem sebäbini düşündirmezden olar tarapyndan hödürlenen nusgalaryň neşir edilmegine ýol bermezlik hukugyny saklap galýar. Bu saýtdan peýdalanmak bu düzgünleriň şertleriniň gyşarnyksyz kabul edilýändigine şaýatlyk edýär. Haýyş, ünsli boluň!